Täzelikler we Wakalar

Previous Next

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we medeni mirasy gaýtadan dikeldilýär hem-de dünýä dabaralandyrylýar. Bu ugurda halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri we atşynaslyk sungaty aýratyn orna eýedir. «Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti» atly sergi biziň gadymy medeniýetimiziň we ruhy baýlygymyzyň aýdyň şöhlesidir. Çünki çydamlylygyň, gözelligiň hem-de wepalylygyň nusgasy bolan ahalteke bedewleri diňe bir milli gymmatlyk däl, eýsem adamzat siwilizasiýasynyň altyn hazynasyna goşulan bahasyna ýetmejek goşantdyr. Hormatly Prezidentimiziň goldawy we üns-aladasy netijesinde, türkmen atçylyk sungaty hem-de atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzatyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi. Bu bolsa pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň we zergärçilik däpleriniň halkara derejesinde ykrar edilmesidir. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanýan kämil gymmatlyklar hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk we dizaýn bölümleriniň zehinli talyplarynyň döreden ajaýyp eserleri bu serginiň baý mazmunyny has-da gözelleşdirýär. Serginiň çäginde Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdym-sazly çykyşlary bolsa bu ýerde guralan dabaranyň ruhuny has-da belendegöterdi. Muzeýde gurnalan serge eziz Watanymyzyň parahatçylyk, ylham we ösüşler bilen öňe barýan ýolunda türkmen bedewiniň şan-şöhratyny has-da belende göterýär, ýaş nesillerimizde bolsa milli mirasymyza bolan çäksizs öýgini we buýsanjy terbiýeleýär.
Previous Next

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzalary, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hünärmenleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň, Arkadag şäheriniň Bagt köşgi toý-dabaralary merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktoryNurmyrat Annaçaryýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzalary Nepes Rozyýew, Ziba Nepesowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Meňli Diwanowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri Mekan Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa,Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň uly ylmy işgäri Ýazmuhammet Ataýew çykyş etdiler. Her bir işde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk ýoluna laýyk alyp barýan şeýle hem ýurdumyzda kabul edilýän kanundyr permanlara laýyk işleri guramaçylykly ýola goýýan muzeýler medeni gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmekde esasy ylmy hem-de medeni-aň-bilim merkezleri hökmünde çykyş edýär. Milli miras - bu diňe bir geçmişiň ýadygärligi bolman, eýsem halkyň medeni özlügini, ruhy dünýäsini we taryhy ýoluny kesgitleýän guraldyr. Berkarar döwletimizde milli mirasa bolan sarpa yzygiderli artýar. Bu mukaddes borjy amala aşyrmakda we medeni gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmekde muzeýler esasy ylmy hem-de medeni-aň-bilim merkezleri hökmünde çykyş edýär. Muzeýler - geçmiş bilen gelejegi birleşdirýän ruhy köprüdir. Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde olaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ylmy-barlaglary döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak medeni mirasy gorap saklamagyň we halkara derejede dabaralandyrmagyň iň netijeli ýoludyr.
Previous Next

Çaga kalbynyň owazy

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Çaga kalbynyň owazy» atly aýdym-sazly teleýazgy geçirildi. Teleýazgyda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýar. Çagalyk — ömrümiziň iň arassa, iň röwşen we aladasyz döwri. Körpelerimiziň nepesinde päklik, gözlerinde bolsa geljege bolan uly umyt bar. Ine, şuajaýyp we päkize duýgular „Çaga kalbynyň owazy” atly aýdym-sazly dabarada belentden ýaňlandy.Çagalar bütin dünýäniň bezegi, durmuşymyzyň manysydyr. Olaryň kalbyndan çykan joşgunly aýdymlarda Watana bolan söýgüsi, Berkarar zamanyň wasp edilmegi esasy orny eýeleýär Çagalaryň sungata bolan söýgisini artdyrmak, olaryň zehinini ýüze çykarmak we olara bagtyýar çagalygy bagş etmek biziň baş maksadymyzdyr. Çaga kalbynyň owazy mydama belentden ýaňlansyn, ýaşajyk ýürekleriň şatlygy hem-de gülküsi ömrümizi hemişe bezesin! Aýdym-sazly teleýazga gatnaşyjylar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşigiň çäklerinde türkmen milli tahýalar barada söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen tahýasy – medeni gymmatlyklarymyzyň biridir. Ol milli baş gaplaryň arasynda çeperçilik taýdan gaýtalanmajak kämil bezel işi bilen tapawutlanýar. Ynsan başynyň täjine deňelýän tahýanyň täsin nagyşlarynyň mazmunyna kalbyň iň päk arzuw-hyýallary, maksat-myrady, gadymyynançlar, paýhas-parasatly ruhy ýörelgeler siňdirilipdir. Türkmen tahýasynda enetopragyňýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir. Söhbetdeşlikde türkmen gözelleri keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalara siňdirilen. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň taryhy, aňladýan manylary barada gürrüň edildi. Şeýle hem nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygynyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatynyň jemi jemlendir. Tahýalar biçilip tikilende niýetlenen adamyň kellesiniň ölçegine görä alynýar. Keşdelenende sapaklaryň reňkine görä, ilki garalanyp hem gyzyllanyp, soňra sary, ak ýaly açyk sapaklar bilen keşdelenýär. Tahýalar ýaş aýratynlygyna görä geýilýär.Häzirki wagtda hem türkmen tahýasy gündelik durmuşda, baýramçylyklarda we milli dabaralarda buýsanç bilen geýilýär, türkmen medeni mirasynyň müdimi nyşany hökmünde giňden saklanyp galandyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Previous Next

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.

Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň gatnaşmagynda gezelenc gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda talyplar we okuwçylar muzeýiň gymmatly eksponatlary, halkymyzyň şanly taryhy, medeni mirasy we gahrymançylykly geçmişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Mugallymlar we ýaş nesiller medeni çäräniň dowamynda Watanymyzyň azatlygy, parahatçylygy ugrunda şirin janlaryny gurban eden gahrymanlarymyzy çuňňur hormat bilen ýatladylar.
Previous Next

Arkadag şäher häkimliginde «Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy — berkarar döwle- timiziň bedew batly ösüşiniň berk binýady» atly hoşallyk maslahatlary geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar köpöwüşginli sergini synladylar. Sergide ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitap- lary, amaly-haşam sungatynyň eserleri sergä aýratyn many-mazmun bagyşlady.
Previous Next

Çaga kalbynyň owazy

Çaga kalbynyň owazy

Previous Next

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň saz toparynyň "Çaga kalbymyň owazy" atly aýdym saz çykyşlary

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň saz toparynyň "Çaga kalbymyň owazy" atly aýdym saz çykyşlary

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.

Biz bilen habarlaşyň

+993 12 571989

Salgy: Türkmenistan, Arkadag ş.,Keýmir kör şaýoly, 1-nji jaýy

Powered by Arassa Nusga