Çaga kalbynyň owazy
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Çaga kalbynyň owazy» atly aýdym-sazly teleýazgy geçirildi. Teleýazgyda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýar.
Çagalyk — ömrümiziň iň arassa, iň röwşen we aladasyz döwri. Körpelerimiziň nepesinde päklik, gözlerinde bolsa geljege bolan uly umyt bar. Ine, şuajaýyp we päkize duýgular „Çaga kalbynyň owazy” atly aýdym-sazly dabarada belentden ýaňlandy.Çagalar bütin dünýäniň bezegi, durmuşymyzyň manysydyr. Olaryň kalbyndan çykan joşgunly aýdymlarda Watana bolan söýgüsi, Berkarar zamanyň wasp edilmegi esasy orny eýeleýär
Çagalaryň sungata bolan söýgisini artdyrmak, olaryň zehinini ýüze çykarmak we olara bagtyýar çagalygy bagş etmek biziň baş maksadymyzdyr. Çaga kalbynyň owazy mydama belentden ýaňlansyn, ýaşajyk ýürekleriň şatlygy hem-de gülküsi ömrümizi hemişe bezesin!
Aýdym-sazly teleýazga gatnaşyjylar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Çaga kalbynyň owazy

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.