«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşigiň çäklerinde türkmen milli tahýalar barada söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen tahýasy – medeni gymmatlyklarymyzyň biridir. Ol milli baş gaplaryň arasynda çeperçilik taýdan gaýtalanmajak kämil bezel işi bilen tapawutlanýar. Ynsan başynyň täjine deňelýän tahýanyň täsin nagyşlarynyň mazmunyna kalbyň iň päk arzuw-hyýallary, maksat-myrady, gadymyynançlar, paýhas-parasatly ruhy ýörelgeler siňdirilipdir. Türkmen tahýasynda enetopragyňýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir. Söhbetdeşlikde türkmen gözelleri keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalara siňdirilen. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň taryhy, aňladýan manylary barada gürrüň edildi. Şeýle hem nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygynyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatynyň jemi jemlendir. Tahýalar biçilip tikilende niýetlenen adamyň kellesiniň ölçegine görä alynýar. Keşdelenende sapaklaryň reňkine görä, ilki garalanyp hem gyzyllanyp, soňra sary, ak ýaly açyk sapaklar bilen keşdelenýär. Tahýalar ýaş aýratynlygyna görä geýilýär.Häzirki wagtda hem türkmen tahýasy gündelik durmuşda, baýramçylyklarda we milli dabaralarda buýsanç bilen geýilýär, türkmen medeni mirasynyň müdimi nyşany hökmünde giňden saklanyp galandyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
Note 0 sur 5 Pour 0 votes