Çaga kalbynyň owazy
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniňhem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Çaga kalbynyň owazy» atly aýdym-sazly teleýazgy geçirildi. Teleýazgyda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler.
Ýaş aýdymçy-sazandalar islendik halkyň medeniýetiniň, sungatynyň geljegi we milli mirasyny täzeçe röwüşde dowam etdirijilerdir. Ýaşlaryň arasynda milli sazlaryň täzeçe işlenilen görnüşleri uly meşhurlyga eýe bolýar.Ýaş aýdymçy-sazandalaryň kemala gelmeginde döwlet we jemgyýetçilik goldawy möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri täze zehinleri ýüze çykarýar.Sungat mekdeplerinde tälim alýan ýaşlar halypa sazandalaryň mekdebinden geçip, öz ussatlyklaryny kämilleşdirýärler.
Ýaş aýdymçy-sazandalar medeniýetiň diňe bir dowamy däl, eýsem onuň täze eýýamdaky röwşen keşbidir. Olaryň gözlegleri, täzeçilligi we sungata bolan söýgisi aýdym-saz äleminiň hemme wagt ýaş, joşgunly we gyzykly bolmagyny üpjün edýär.
Aýdym-sazly teleýazga gatnaşyjylar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Çaga kalbynyň owazy

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.