Previous Next

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we medeni mirasy gaýtadan dikeldilýär hem-de dünýä dabaralandyrylýar. Bu ugurda halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri we atşynaslyk sungaty aýratyn orna eýedir. «Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti» atly sergi biziň gadymy medeniýetimiziň we ruhy baýlygymyzyň aýdyň şöhlesidir. Çünki çydamlylygyň, gözelligiň hem-de wepalylygyň nusgasy bolan ahalteke bedewleri diňe bir milli gymmatlyk däl, eýsem adamzat siwilizasiýasynyň altyn hazynasyna goşulan bahasyna ýetmejek goşantdyr. Hormatly Prezidentimiziň goldawy we üns-aladasy netijesinde, türkmen atçylyk sungaty hem-de atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzatyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi. Bu bolsa pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň we zergärçilik däpleriniň halkara derejesinde ykrar edilmesidir. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanýan kämil gymmatlyklar hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk we dizaýn bölümleriniň zehinli talyplarynyň döreden ajaýyp eserleri bu serginiň baý mazmunyny has-da gözelleşdirýär. Serginiň çäginde Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdym-sazly çykyşlary bolsa bu ýerde guralan dabaranyň ruhuny has-da belendegöterdi. Muzeýde gurnalan serge eziz Watanymyzyň parahatçylyk, ylham we ösüşler bilen öňe barýan ýolunda türkmen bedewiniň şan-şöhratyny has-da belende göterýär, ýaş nesillerimizde bolsa milli mirasymyza bolan çäksizs öýgini we buýsanjy terbiýeleýär.
"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes