«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik teleýazgy edildi. Gepleşikde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniňhem-de «Gökdepe» milli muzeýiniňhünärmenleriçykyş etdiler.
Bu gepleşik türkmen zenanynyň ajaýyp zähmetini, belent yhlasyny, täsin sungatyny çeper hem-de düýpli beýan edýän täsirli gepleşikleriň biridir.
Gepleşigiň dowamynda türkmen milli el işleriniň - nepis halylaryň, owadan saýlanan gaýmalaryň, keteni we beýleki milli lybaslaryň döreýiş taryhy diňe bir senetçilik hökmünde bolman, eýsem hakyky sungat hökmünde tomaşaça ýetirilýär. Zenanlaryň sabyr-takaty, gözelligi döretmäge bolan höwesi we enelerimizden geçip gelýän mirasymyzy geljek nesillere geçişi öwran-öwran nygtalýar.
Gepleşigiň dowamynda enelerimiziň we gelin-gyzlarymyzyň her bir ilmede, her bir nagşynda kalbynyň mährini hem-de çuňňur yhlasyny siňdirýändigi giňişleýin beýan edildi.Türkmen zenanynyň elinden çykan her bir sungat eseri diňe bir gözellik bolman, eýsem ruhy baýlygymyzdyr.
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.