«Medeni mirasym, ruhy baýlygym» atly teleýazgy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler, gadymy şäherleriň galyndylary, ýazuw ýadygärlikleri hem-de folklor baýlygy müňýyllyklaryň dowamynda döredilen baý medeni mirasyň subutnamasydyr. Bu mirasy öwrenmekde, goramakda we ýaş nesleillere ýetirmekde medeniýet işgärleriniň orny örän uludyr.
Medeniýet we sungat işgärleriniň güni – diňe döredijilik işgärleriniň baýramy bolman, eýsem, halkymyzyň ruhy baýlygynyň dabaralanýan günüdir. Bu gün medeni mirasymyza buýsanmagyň, döredijiligiň täze belentliklerine ruhlanmagyň hem-de sungata we döredijilige bolan çäksiz hormatyň nyşanydyr.
Baýramçylyk mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý gymmatlyklarynda sergi gurnaldy we söhbetdeşlik geçirildi. Dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bagşylar topary aýdym-saz bilen çykyş etdiler.
«Medeni mirasym, ruhy baýlygym» atly teleýazgy