Biziň maksadymyz medeni
mirasy gorap saklamak
we wagyz etmek

HOŞ GELDIŇIZ

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Arkadag şäherinde täze döwrebap binalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi.Şonuň bilen birlikde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiz hem 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda uly dabara bilen açylyp ilkinji myhmanlaryny kabul etdi.
Image
Image
7000

7000

EKSPONATLAR
250+

250+

SUNGAT ESERLERI
5

5

BÖLÜMLER
50+

50+

TÄZELIKLER

Muzeý barada

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Arkadag şäherinde täze döwrebap binalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Arkadag şäheriniň ajaýyp binalarynyň arasynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi  hem bolup, biziň muzeýimizde bu çäkleriň, tebigaty, taryhy, milli mirasy, ýagny etnografiýasy, sungaty, Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri, ýeten belent sepgitleri ylmy esasda öwrenilýär we muzeý gymmatlyklary goralyp saklanylýar. Muzeý ekspozisiýasynda häzirki zaman täze tehnologiýalaryň tilsimatlary ulanyldy.

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady. Muzeýler ulgamynda ilkinji gezek Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi. QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2D ştrih kod) bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Code» («dessin tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär. Muzeýi görmäge gelen her bir adam üçin bu hyzmat elýeterlidir. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda sergilenen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty  bilmäge mümkinçilik bar. QR koddan peýdalanmak üçin ony öz smartfonda, planşetde surata düşürmek ýeterlikdir. Ýörite programma arkaly okadylan kod muzeýi görmäge gelýänler üçin muzeý esbaplary barada maglumatlary özbaşdak tanyşmak mümkinçiligini döredýär. Muzeý ekspozisiýasynyň başynda, ýagny, girelgede multimedia ekranda Arkadag şäheri barada wideorolik görkezilýär hem-de muzeý ekspozisiýasy barada maglumat beýan edilýär.

Muzeý ekspozisiýasynda Garaşsyzlyk, taryh, etnografiýa, tebigat we sungat  bölümleri sergilenýär.