Çitimlere siňen gözellik

Çitimlere siňen gözellik

Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan türkmeniň haly sungaty özüniň deňsiz taýsyz owadanlygy, reňk sazlaşygy, berkligi bilen dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli sungatynda uly orun eýeleýän, halyçylyk sungaty ençeme asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir we kämilleşip, ajaýyp nusgawy sungat hökmünde häzirki günlerimize gelip ýetipdir. Halyçylygyň esasy çig maly ýazda gyrkylan saryja goýunlaryň ýüňüdir. Onuň süýümleri uzyn we berkdir. XIX asyryň ahyrlaryna çenli türkmenler ýüplügi tebigy boýaglar bilen boýapdyrlar. Türkmenleriň durmuşynda halynyň uly orny bar. Haly we haly önümleri diňe çeper gözellik wezipesini ýerine ýetirmän, eýsem ol hojalygyň derwaýys hajatlaryny hem kanagatlandyrypdyr. Düşeklik halylary ýere ýazan bolsalar torba, çuwal, ikselik, ukujy ýaly haly önümleri zat salmak üçin ulanypdyrlar. Sallançaga kakma kilim, gapa haly gapylyk, eňsi, bosaga germeç tutupdyrlar, ojagyň daşyna ojakbaşy ýazylypdyr. Ýola çykanlarynda zat salmak üçin horjun alypdyr. Arpany, bugdaýy, uny argaç çuwallarda saklanypdyr. Türkmenler bedew atlaryny hem haly önümleri bilen bezäpdirler. Eýerlik, atköýnekçe, athaly ýaly önümleri ulanypdyrlar. Atlaryna at torbada iým beripdirler. Düýelerini hem düýehalyk, düýeboýunlyk, düýedyzlyk bilen bezäpdirler. Gelin getirenlerinde haly bilen bezelen kejebä mündirip getiripdirler. Namaz okanlarynda haly namazlyk ulanypdyrlar. Dutaryň daşyna halydan dutar daşy dokapdyrlar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary we talyplarynyň arasynda «Çitimlere siňen gözellik» atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda haly sungatynyň taryhyny, dokalyş usulynyň inçe tilsimleri barada giňişleýin gürrüňdeş boldular. Milli Liderimiziň taýsyz tagallary bilen, halyçylyk sungaty ösdürilýär, gelin-gyzlarymyzyň ezber çeken halal zähmetine mynasyp baha berilýär hem-de täzeçillik öwüşgünleri girizilip, halyçylyk sungaty yzygiderli dowam etdirilýär.
Çitimlere siňen gözellik
Note 0 sur 5 Pour 0 votes