Previous Next

“Çitimlere siňen gözellik” atly sergi

Halkymyzda «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň nyşanydyr. Biziň gadymdan gözbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä esaslanýar. Bu gün bolsa ol eksport ugurly bähbitli işewürlige öwrülýär. Türkmen halylaryna bolan isleg tutuş dünýäde ýokarydyr. Bu ähli döwürde-de şeýle bolupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak barada uly alada edilip, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Halyçy gelin-gyzlaryň netijeli işlemekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Özboluşly milli medeniýetimiz, amaly-haşam sungaty, haly dokamagyň gadymy ýörelgeleri, milli nagyşlar hem-de zergärlik sungaty, başga sözler bilen aýtsak, Watanymyzyň medeniýetiniň «altyn gaznasy» Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen gurşalandyr. Hormatly Prezidentimiziň bu täsin sungatyň belentliklerine tarap taryhyň bäş müň ýyldan gowrak döwründe yzygiderli ösýän türkmen halyçylygynyň şöhratyny ebedileşdirjek eserleri munuň ajaýyp mysallarydyr.
“Çitimlere siňen gözellik” atly sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes