Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen Esasy Kanun we Ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Döwlet nyşanlary milli ýörelgeler we umumy adamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegi bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Döwlet baýdagymyzda türkmen halylarynyň gölleri, doganlygy, bitewüligi we durmuşyň täzelenişini aýan edýän bäş ýyldyz we ýarym aýyň şekili ýerleşdirilen. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, wagyz-nesihat çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda ýaşlarmyzy döwre laýyklykda ýetişdirmekde olary ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyklary wagyz etmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ol halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär. Olary halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bu gün hem Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Kämil kanun” atly sergi geçirildi. Serginiň hormatly myhmanlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet Oba hojalyk uniwesitetiniň hem-de Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu goşa toý mynasybetli Diýarymyzda ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralar geçirilip, milli gymmatlyklarymyzyň we ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspy ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy merdana türkmen halkymyzy Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.