“Kämil kanun” atly maslahat

“Kämil kanun” atly maslahat

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli ”Kämil kanun” atly maslahat gurnaldy. Bu maslahatda Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdigini aýdyp geçdiler. Döwleti dolandyrmakda, demokratik, adalatly jemgyýeti gurmakda, toý-baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary derejede geçirmekde toplan tejribämize daýanyp, Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde belleýäris. Bu baýrama gabatlap, dabaraly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Bu dabaralar tutanýerli, döredijilikli zähmeti bilen eziz Watanymyzy gülledip ösdürýän, kuwwatly we berkarar ýurda öwürýän mähriban halkymyzda şatlykly duýgulary döredip, agzybirligimizi has-da berkidýär.

“Kämil kanun” atly maslahat
Note 0 sur 5 Pour 0 votes