«Medeniýet – ynsan köňlüniň nury» atly muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi
Medeniýet – halkyň ruhy baýlygyny, milli mirasyny, däp-dessurlaryny, edebiýatyny, sungatyny, dilini we adamzat jemgyýetiniň taryhy ösüşinde döredilen ähli gymmatlyklary öz içine alýar. Her milletiň aýratynlygyny görkezýän, onuň ösüş derejesini, ruhy dünýäsini beýgeldýän esasy görkeziji hem medeniýetdir. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda medeniýet aýratyn orun eýeleýär. Her ýyl ýurdumyzda medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni giňden we dabaraly bellenilýär. Bu baýramçylyk medeniýet işgärleriniň döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek, milli medeni mirasy wagyz etmek we ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilýär. Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary, sergiler, teatr oýunlary we konsertler geçirilýär. Şeýle-de medeniýet işgärleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, bäsleşikler we döredijilik forumlary guralýar.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Medeniýet – ynsan köňlüniň nury» atly muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy.
Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan şekilli haly eserleri, şaý-sepler, heýkeller, küýzeler we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilýär.
Serginiň dowamynda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlary, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bagşylar topary aýdym – sazly dabaralary bilen çykyş etdiler.
«Medeniýet – ynsan köňlüniň nury» atly muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi