Previous Next

“Watanymyz dostlugyň gülleýän bagtyýar mekanydyr” atly gezelenç

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünliklere beslendi. Türkmenistan öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessuryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek ýaly binýatlyk ölçeglerine turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär. Elbetde, baky Bitaraplygymyzyň bu ýörelgeleri diňe bir içerki ösüşiň geljegini kesgitlemän, eýsem, olar ýurdumyzyň daşary syýasatyny we diplomatiýasyny hem öz içine alýar. Bu bolsa ýurdumyzyň gysga taryhy döwrüň içinde dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, uly özgertmeleri geçirmäge girişdi. Şeýle beýik işler ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary bilen talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Watanymyz dostlugyň gülleýän bagtyýar mekanydyr” atly gezelenç gurnaldy. Ýokary okuw jaýynyň mugallymlary bilen talyp ýaşlarynyň bu gezelençde muzeýiň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen içgin tanyşmaklary olarda has-da gyzyklanma döretdi.
“Watanymyz dostlugyň gülleýän bagtyýar mekanydyr” atly gezelenç
Note 0 sur 5 Pour 0 votes