Previous Next

“Taryhyň gatlaryna siňen türkmen sungaty” atly gezelenç we söhbetdeşlik

Şu gün Aşgabat şäheriniň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Taryhyň gatlaryna siňen türkmen sungaty” atly gezelenç we söhbetdeşlik gurnaldy. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” durmuşa geçirmek hem-de ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelençde oňa gatnaşanlar muzeýde ýerleşdirilen dürli muzeý gymmatlyklary bilen aýratyn-da, muzeýiň arheologiýa bölümi bilen içgin tanyşdylar. Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaý galalary, Seýitjemalleddin metjidi, antik we orta asyra degişli muzeý gymmatlyklary, basma we syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary, altyn we kümüş teňňeler gazuw agtaryş işleri netijesinde tapylan tapyndylaryň we etnografiýa bölümindäki milliligimizi açyp görkezýän birnäçe medeni gymmatlyklary bilen içgin tanyş boldular we gezelenje gelenlere ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Gezelenjiň dowamynda milli mirasymyzy we taryhymyzy giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdyldy.
“Taryhyň gatlaryna siňen türkmen sungaty” atly gezelenç we söhbetdeşlik
Note 0 sur 5 Pour 0 votes