Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan-Parahatçylygyň we bagtyýarlygyň mekany» atly Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary bilen bilelikde gezelenç we okuw sapagy gurnaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygryndaky: «Adam-za¬dyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýen paýhasly sözleri hem bu hakykatyň çeper beýanydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly parahatçylygyň we ynanyşmagyň, ählumumy abadançylygyň özboluşly dabaralanmasy bolup, bütin dünýäniň nazaryny bu gymmatlyklara gönükdirýär.