Kärizleriň hojalykdaky ähmiýeti
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Kärizleriň hojalykdaky ähmiýeti» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň müdiri, mirasy öwreniji Salyhmuhammet Hommadow, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Şadurdy Şagulyýew, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýwa gatnaşdylar. Gepleşigi «Arkadag» teleýaýlymymň jogapkär kätibi Aýgül Ballyýewa alyp bardy.
Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda daşky gurşawy, ekologiýany, biosferany arassa, aýawly saklap, içgin öwrenip, geljek nesillere ýetirmek döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň birine öwrüldi. Müňýyllyklara uzaýan taryhymyzyň her bir menzili halkymyzyň beýik şöhraty, halkymyzyň baý ylmy gorunyň bolandygyny subut edýän taryhy gymmatlyklarymyzyň biri hem kärizlerdir. Käriz ýerasty suw akabasy bolmak bilen, peşahyrdan jalawa çenli birnäçe dikanalary öz içine alýan ulgamdyr.
Gepleşikde Gah¬ry¬man Ar¬ka¬da¬gy¬myzyň «Türk¬me¬nis¬tan — Be¬ýik Ýü¬pek ýo¬lu¬nyň ýü¬re¬gi» at¬ly ese¬ri¬niň bi¬rin¬ji ki¬ta¬byn¬daky kä¬riz¬le¬riň ga¬dy-my dö¬wür¬dä¬ki äh¬mi¬ýe¬ti we ta¬ry¬hy ba¬ra¬da gym¬mat¬ly mag¬lu¬mat¬la¬ry, kärizleriň diňe bir ekerançylyga, şäher medeniýetine degişli bolmak bilen çäklenmän eýsem ýerasty suwlary peýdalanmagyň taryhy ähmiýeti, kärizler arkaly ýeriň üstüne çykarylyp ekerançylykda, durmuşda peýdalanylşy, süýji suwly gatlaklaryň anyklanylşy, şol guýularyň, käriziň dikana guýularynyň üsti bilen suwuň ýeriň üstüne çykarylyşy barada gyzykly gürrüňler we ylmy söhbetler boldy.
Kärizleriň hojalykdaky ähmiýeti