Previous Next

«Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly ylmy-usuly maslahat we muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan itşynaslygyň şöhratly milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň milli senenamasynda orun alan iň täze baýramdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly ylmy-usuly maslahat we muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Maslahatda muzeýiň hünärmenleri hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary ylmy makalalar bilen çykyş etdiler. Maslahatyň çäklerinde muzeý gaznasyndan sergi gurnaldy. Sergide milliligimiziň nusgasy bolan, el halylarymyz, türkmen alabaýynyň şekili çekilen nakgaş eserleri, türkmen alabaýynyň heýkelleri, taryhy tapyndylaryň ýüzünde galan itiň aýak yzlary, küýzeler we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşýarlar.

«Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly ylmy-usuly maslahat we muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes