Previous Next

«Amaly-haşam sungatynyň eserlerinde halypa-şägirtlik ýolunyň dowamy» atly sergi

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu babatda pederlerimiziň ýörelge mekdebiniň röwşen ertirleriniň ösüş menzillerini nazarlaýandygy şübhesizdir. Şol maksat bilen 2024-nji ýylyň 18-njy oktýabrynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Amaly-haşam sungatynyň eserlerinden halypa-şägirtlik ýolunyň dowamy» atly muzeý gymmatlyklaryndan bolan milli mirasymyza degişli esbaplardan sergi gurnaldy. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan, el halylarymyz, amaly-haşam sungatyna degişli eksponatlaryň, surat şekilleriniň, nakgaş eserleriniň, küýzeleriň, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilýär. Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymlary we talyplary, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Sergide Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplary öz eserleri bilen çykyş etdiler we sergä gatnaşan myhmanlara ussatlyk sapaklaryny görkezdiler.

«Amaly-haşam sungatynyň eserlerinde halypa-şägirtlik ýolunyň dowamy» atly sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes