Previous Next

Hasyl toýy – berekediň baýramy

Ýurt Garaşsyzlygy bilen däp-dessuryna, milli mirasyna eýe bolan agzybir halkymyz her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde döwlet derejesinde Hasyl toýuny belläp geçýär. Şol dabara mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Hasyl toýy – berekediň baýramy» aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada türkmen topragynyň berekedi dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary aýdym-saz bilen çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özgertmeleriň we gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde häzirki wagtda Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pudakda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Hasyl toýy – berekediň baýramy
Note 0 sur 5 Pour 0 votes