Previous Next

Çeper elli gelin-gyzlar

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şaher Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Çeper elli gelin-gyzlar» atly söhbetdeşlik we muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Söhbetdeşlige Arkadag şähneriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri we Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şaher Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň bir bölegi biziň gelin- gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Özüniň bezeg aýratynlygy, özüneçekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen nagyşlarynda halkymyzyň gözel tebigatynyň keşbini, millilik ruhuny görmek bolýar. Türkmen zenanlarynyň duýgusyndan, gözelliginden, nepis döredijiliginden gözbaş alýan keşdeler öz gymmatyny häzirki günlerimizde-de ýitirmän gelýär. Türkmeniň «Keşdeçilik sungatynyň» Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetini ykrar edýär. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan, el halymyz, surat şekilleriniň, nakgaş eserleriniň, heýkeller, küýzeler, milli şaý-seplerimiz we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.

Çeper elli gelin-gyzlar
Note 0 sur 5 Pour 0 votes