Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli mirasy, edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgylary ynsan kalbyny ruhlandyrýarMagtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni- bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Pyragy halka hyzmat eden şahyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belent derejede tutulmagy hormatly Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, Magtymguly Pyragynyň dürli dillerde terjime edilen kitaplary, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň hala çitilen keşbi, milliligimiziň nusgasy bolan, şekilli el halylarymyz, nakgaş eserleri, heýkeller, küýzeler, at bezegleri we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilýär. Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Şükür Bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň aýdym-sazly çykyşlary sergini has-da bezedi.