Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda kitap görnüşinde neşir edildi. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri hem-de işgärleri üçin gollanma bolup hyzmat etýär we şol kitapdan ugur alyp Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly dikeldiş işlerini gurnamak» atly okuw maslahaty geçirilýär. Maslahata muzeý işgärleriniň muzeý esbaplaryny dikeldiş we rejeleýiş işlerini geçirmek boýunça öz iş tejribelerinde ýerine ýetiriş usullaryny ulanyş düzgünleri ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri şeýlehem Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşýar.