1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sözüň doly manysynda özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöretmegi netijesinde sebitiň halklarynyň dostana gatnaşyklary ösüşiň täze derejelerine göterildi. Bu günki dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy has-da artýar. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz Zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly dostana gatnaşyklary ýola goýdy. Öz gözbaşyny türkmeniň hüý-häsiýetinden, edim-gylymyndan, däp-dessuryndan, medeni mirasyndan alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň sözüň doly manysynda nusgawy Bitaraplykdygyny we onuň Ýer ýüzüne giňden dabaralanýandygyny döwür aýdyň subut edýär. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide nakgaş eserleriniň, heýkeller, küýzeler we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.