“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly” mynasybetli aýdym-sazly duşyşyk
Şu gün Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary bilen mugallymlarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdym-sazly birnäçe çykyşlary geçdi. Mundan başgada muzeýimize Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly konserdine tomaşa etdiler we muzeýimize gezelenç etdiler. Etnografiýa bölümimizde bolsa Magtymguly Pyraga bagyşlanan zergärçilik dioramasy bilen hem içgin tanyş boldular. Täze, 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň suratlary-da ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen hem bezelipdir. Ine, şeýle uly üstünlikler bilen biz täze — 2025-nji ýyly garşyladyk. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjek bu ýyl hem ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen geçjek 2025-nji ýylda-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleriň rowaçlyklara beslenjekdigine ynanýarys. Şular ýaly ak mermer binalarda zähmet çekmäne döretmäne uly mümkinçiliklei döredip berýän türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il- ýurt bähbitli bütindünýä adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!!!
“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly” mynasybetli aýdym-sazly duşyşyk