“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly” atly maslahat
Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler gatnaşdylar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlary boldy. Maslahatyň çäklerinde muzeý gaznasyndan amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserlerinden, heýkellerden, sowgatlyklardan ajaýyp sergi gurnaldy.
“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly” atly maslahat