«Watan goragy – mukaddes borç» atly sergi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni watansöýüjiligiň, mertligiň we gaýduwsyzlygyň mertebelenýän baýramy hökmünde giňden dabaralanýar. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerinde döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri, dabaraly maslahatlar, döredijilik duşuşyklardyr sergiler özboluşly mazmuna eýe bolýar.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Watan goragçylary güni mynasybetli «Watan goragy – mukaddes borç» atly sergi gurnaldy. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan, şaý-seplerimiz, surat şekilleriniň, nakgaş eserleriniň, heýkeller, küýzeler we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.
Sergä Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäher Döwlet Migrasiýa gullugynyň, Arkadag şäheriniň Gümrükhanasynyň we Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginde zähmet çekýän harby gullukçylary we Türkmenistanyň Döwlet Serhet institutynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
«Watan goragy – mukaddes borç» atly sergi