TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI BAHAR BAÝRAMY BOLAN – HALKARA NOWRUZ GÜNI MYNASYBETLI «NOWRUZ – BAHARYŇ BUŞLUKÇYSY» ATLY AÝDYM-SAZLY DABARA
Milli dap-dessurlarymyzy özünde jemleýän Halkara Nowruz baýramy özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz gadymyýetden gelýän däp-dessurlarymyzy dowam edip, asudalykda, agzybirlikde, jebislikde jem bolup, bahar paslynyň buşlukçysy bolan Halkara Nowruz baýramy eziz diýarymyzda hem uludan toýlanýar. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Bahar baýramy bolan – Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz – baharyň buşlukçysy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar.
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI BAHAR BAÝRAMY BOLAN – HALKARA NOWRUZ GÜNI MYNASYBETLI «NOWRUZ – BAHARYŇ BUŞLUKÇYSY» ATLY AÝDYM-SAZLY DABARA