«Nowruz – parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy» atly maslahat
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz adamzat ösüşiniň belentliklerine tarap uly ynam, buýsanç bilen barýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylan ýylda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gözel görki gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Bütin dünýäni parahatçylyga, adamzady ýagşylyga çagyrýan Nowruz baýramy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde-de il-ulsumyzyň agzybirliginde şatlyk-şagalaň bilen garşylanýar.
Her ýylyň 21-22-nji martynda türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Milli bilim institutynyň ylmy işgärleriniň hem-de – Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Nowruz – parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy» atly maslahat geçiril. Maslahatyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymlary çykyş etdiler.
«Nowruz – parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy» atly maslahat