Previous Next

Milli sungatymyz bolan halyçylyk sungaty barada halypa ussat halyçylaryň muzeýe gezelenji

Asyrlar boýy halylar adamzat ýaşaýşynyň hemrasy bolupdyr. Olaryň meşhurlygy häzirki günlerde hem pese gaçmaýar. Şeýle-de bolsa ilkinji halynyň haçan dokalandygy hakynda takyk maglumaty aýtmak kyn. Birnäçe halklaryň birek-birekden habarsyz haly dokamak işi bilen bir döwürde meşgullanyp başlamagy haýran galdyryjydyr. Halylar hakynda birnäçe gyzykly maglumatlar aýdanymyzda, Ermitaž muzeýinde dünýä gymmatlygy hasaplanýan gadymy pazyrak halysyny görmek bolýar. Ol özüniň ilki başdaky görnüşini saklap galmagy başarypdyr. Bu gymmatly tapyndy depäniň buzly gatlagynyň astyndan tapyldy. Halyçylyk adamzadyň ele alan hünäriniň iň ilkinjileriniň biri hasaplanýar. Şonuň üçin-de ol ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň halypa ussat halyçylarynyň muzeýiň bölümlerindäki halylaryň görnüşleri bilen giňden tanyş boldular. Milli sungatymyz bolan halyçylyk sungatynyň gadymy döwürlerdäki haly dokalýan ýatyk stanoklary we halyçylyga degişli gurallarynyň dürli görnüşlerine syn etdiler we haly sungatyna degişli has inçe syrlaryny gürrüň berdiler. Özleriniň hem häzirki wagtda dürli görnüşli halylary dokap, olarda köp öwüşginli boýaglary ulanyp has-da ajaýyp halylary dokaýarlar. Şular ýaly ajaýyp halylary dokamakda giň mümkinçilikleri döredip berýän GahrymanArkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.

Milli sungatymyz bolan halyçylyk sungaty barada halypa ussat halyçylaryň muzeýe gezelenji
Note 0 sur 5 Pour 0 votes