Previous Next

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, dikeltmek hem bejermek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler giň gerimde alnyp barylýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirilýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, sporty ösdürmek, ruhy we beden taýdan kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekde döwletimiz tarapyndan giň gerim berilýän döwlet syýasatymyz alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaplarynda sagdyn durmuş ýörelgesi, saglyk barada, Arçman şypahanasy, buýan ösümliginiň ähmiýeti dogrusynda söhbetler edildi. Sagdyn jemgyýetde ýaşamaga, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli başlyngyçlarynda rowaçlyklary arzuw edýäris!
Sagdyn durmuş ýörelgesi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes