Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etdiler we ylmy- tejribelik okuw sapaklaryny geçirdiler. Okuw sapaklarynyň esasy temasy bolan Paryzdepe ýadygärliklerine gezelenç bolup, biziň muzeýimizdäki Taryh bölüminde hem Paryzdepe ýadygärliginiň kiçeldilen makedi bilen has-da içgin tanyş boldular. Özlerine gerekli bolan gyzykly taryhy maglumatlary muzeý hünärmenlerinden öwrenmekleri, olary okuw üstünde ulanmakda, ýadygärlik barada muzeý hünärmenlerinden öwrenen ylmy maglumatlary hem gymmatly taryhy çeşmeleriň biri. Başga-da Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem gözel Köpetdagyň künjeginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginiň binagärlik aýratynlyklary esasynda gurulmagy hem aýratyn mana eýedir. Çünki 20216-njy ýylda “Mirasa sarpa goýmak we Watany özgertmek ýylynda” türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň baryp, gazuw agtaryş işlerine badalga bermegi bu ýadygärligiň türkmen halkynyň taryhynda uly orun eýeleýändiginiň subutnamasy bolup durýar.