Galkynyşyň batly binýadyny tutan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň ylmy derejesi, ýurduň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň kuwwatyny kesgitleýän zerurlygyndan ugur alyp, soňlanmajak özgerişlere dowamat bolýar.
Köpetdagyň eteginde dünýä ýaň salan Arkadag şäheriň at owazasy dillere dessan bolup, ýurduň abraýyna abraý, badyna bat gatdy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu şäherde, deňi - taýy bolmadyk şähergurluşyk taslamalary bilen bina edilen desgalaryň birnäçesinde, işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň döredilen gününe sanlyja günden bir ýyl dolýar. Arkadag şäheriniň 1-ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň zenanlar bölüminiň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda «Arkadagly ýurdumda mirasyma sarpa bar» atly sergi we teleýazgyly gezelenç geçirildi.
Dabara Arkadag şäherinde işjeň zähmet çekýän zenanlarymyz gatnaşdy. Olar özlerin bagtly zenandyklaryny, täze şäherde, täze jaýda, maşgala agzybirliginde zähmet çekýändiklerini uly buýsanç bilen çykyş etdiler. Şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler.
Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde şeýle ajaýyp şäheri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde üstünliklere hemra bolsun.