«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyň şygary bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler bir-biri bilen sepleşýär. Dana şahyryň hormatyna bagyşlanyp «Magtymguly» atly kitabynyň çapdan çykmagy, halkymyza egsilmejek sowgat boldy. Magtymguly Pyragynyň şanly toýuna bagyşlanyp çykan bu kitapda, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilmegi ýaş nesiller üçin has-da buýsançly waka boldy. Bu gün Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebindeiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda, «Zenan zeminiň zynatyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy bolup geçdi.
Dabarada «Magtymguly» atly kitabynyň çapdan çykmagy hem-de ondaky zenanlara degişli goşgularyň aýdym bolup türkmen halkynyň kalbynda ýaşaýanlygy dogrusynda söhbetdeşlik boldy. Zenan zeminiň ýaşaýşyň gözelligi. Biziň guwanjymyz, olaryň on barmagynyň hünäri nesillerden-nesle geçip şu günlerimize gelip ýetenligi barada täsirli söhbetdeşlik gyzgalaňly geçdi. Dabaranyň soňy aýdym-saza ýazdy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebindeiniň talyplarynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.