Previous Next

«Arkadag şäheri – täze eýýamyň beýik eseri» atly sergi we aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy

Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän dabaralar Arkadag şäherinde bir-biri bilen sepleşýär.

Ynha sanlyja wagtyň içinde Arkadag şäherimiziň görki gün-günden gözelleşýär. Magtymguly Pyragynyň nusgalyk döredijiliginde beýan edilýän ahlak häsiýetleri ýaşlara wagyz etmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek maksady bilen hem dabaralar baýramçylyk gününe şatlyk-şowhuna beslenýär.

  Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Arkadag şäheri – täze eýýamyň beýik eseri» atly sergi we aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy  geçirildi.

   Duşuşyga Arkadagymyzyň gurup beren gurjak ýaly şäherinde uly hyjuw, joşgun bilen zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşyp, özleriniň bagtyýar ýaşlardygyny birin-birin beýan etdiler. Täze şäherden täze jaýly, täze iş orunly bolmak bagtynyň miýesser edendiklerine buýsanyp çykyş etdiler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň işjeň agzalarynyň çykyşlarynyň yzy Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar bilen dowam etdi.

    Şeýle görkana şäheri, täze eýýamynyň beýik eserini bagyş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde üstünliklere hemra bolsun.

«Arkadag şäheri – täze eýýamyň beýik eseri» atly sergi we aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy
Note 1 sur 5 Pour 2 votes