«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik teleýazgy edildi. Gepleşikde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniňhem-de «Gökdepe» milli muzeýiniňhünärmenleriçykyş etdiler.
Bu gepleşik türkmen zenanynyň ajaýyp zähmetini, belent yhlasyny, täsin sungatyny çeper hem-de düýpli beýan edýän täsirli gepleşikleriň biridir.
Gepleşigiň dowamynda türkmen milli el işleriniň - nepis halylaryň, owadan saýlanan gaýmalaryň, keteni we beýleki milli lybaslaryň döreýiş taryhy diňe bir senetçilik hökmünde bolman, eýsem hakyky sungat hökmünde tomaşaça ýetirilýär. Zenanlaryň sabyr-takaty, gözelligi döretmäge bolan höwesi we enelerimizden geçip gelýän mirasymyzy geljek nesillere geçişi öwran-öwran nygtalýar.
Gepleşigiň dowamynda enelerimiziň we gelin-gyzlarymyzyň her bir ilmede, her bir nagşynda kalbynyň mährini hem-de çuňňur yhlasyny siňdirýändigi giňişleýin beýan edildi.Türkmen zenanynyň elinden çykan her bir sungat eseri diňe bir gözellik bolman, eýsem ruhy baýlygymyzdyr.




