

Muzeýiň döreýiş taryhy
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 2023-nji ýylda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen döredildi. Muzeý Ahal welaýatynyň taryhyny, medeniýetini we tebigatyny döwrebap serişdeler arkaly açyp görkezýär.
Muzeýiň bäş bölüminde etnografiýa, tebigat, Garaşsyzlyk, şekillendiriş sungaty hem-de taryh we arheologiýa boýunça müňlerçe gymmatlyk saklanýar.
352
Eksponat
120+
Sungat eseri
5
Bölüm
50+
Täzelik
Biziň wezipelerimiz
Gorap saklamak
Ahal welaýatynyň maddy we ruhy mirasyny toplamak, öwrenmek we gorap saklamak.
Bilim bermek
Ekskursiýalar, sapaklar we çäreler arkaly ýaş nesli taryhymyz bilen tanyşdyrmak.
Wagyz etmek
Türkmen medeniýetini ýurdumyzda we dünýäde wagyz etmek.
Muzeýiň bölümleri

3 eksponat
Etnografiýa bölümi
Ahal welaýatynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmäge bagyşlanýar.

Tebigat bölümi
Sebitdäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyna we dürlüligine bagyşlanýar.

Garaşsyzlyk bölümi
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar.

Sungat bölümi
Surat, grafika, heýkeltaraşlyk we şekillendiriş sungatynyň beýleki görnüşlerine bagyşlanýar.

3 eksponat
Taryh we arheologiýa bölümi
Ahal topragynda ýaşan ata-babalaryň durmuş taryhyna we däp-dessurlaryna bagyşlanýar.

