Mazmuna geçmek

Gözleg

Näme gözleýärsiňiz?

Täzelikler 12 noýabr 2026 32 görülme Yazgul

Ýurdumyzyň arheolog alymlary bilen «Asyrlaryň söhbeti: arheologik tapyndylar we taryhy hakykat» atly duşuşyk

Ýurdumyzyň arheolog alymlary bilen «Asyrlaryň söhbeti: arheologik tapyndylar we taryhy hakykat» atly duşuşyk

Milli taryhymyzyň sahypalaryny ýazmakda, ata-babalarymyzdan galan gymmatlyklary gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde ylym hem-de muzeý işi bilelikde möhüm ädimleri ädýär. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ýurdumyzyň arheolog alymlary bilen «Asyrlaryň söhbeti: arheologik tapyndylar we taryhy hakykat» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk gadymy döwürleriň syrlaryny açyp görkezýän arheologik tapyndylaryň taryhy hakykaty dikeltmekdäki orny baradaky pikir alyşmalar üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Han-Durdy Gurbanow, şol institutyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa çykyş etdiler. Duşuşygy Arkadag teleýaýlymynyň medeniýet bölüminiň jogapkär kätibi Gülşat Hudaýgulyýewa alyp bardy. Şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Suratlar

Makalany paýlaşmak

Meňzeş täzelikler

Çaga kalbynyň owazy
13 oktýabr 2026 40

Çaga kalbynyň owazy

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Çaga kalbynyň owazy» atly aýdym-sazly teleýazgy geçirildi. Teleýazgyda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň…