Arkadag şäherindäki "Märkaw" myhmanhanasynda "Sowaly bizden jogaby sizden" atly gepleşik geçirildi

Arkadag şäherindäki "Märkaw" myhmanhanasynda "Sowaly bizden jogaby sizden" atly gepleşik geçirildi. Gepleşikde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri örän gyzykly we çekeleşikli çykyş etdiler. Hünärmenler "Taryh" we "Miras" toparlaryna bölünip, gepleşigiň dowamynda "Taryh" topary öz erjelligini görkezip, bäsleşigiň üç şertinde hem 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.
Bu gepleşik diňe bir ýaş hünärmenlere, maglumat çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem çeýeligiň we özüňdäki bar bolan maglumatlary çalt ulanyp bilmek ukybynyň artmagyna kömek edýär. Bäsleşige tomaşa edýän tomaşaçylara bolsa täze maglumatlary açyp görkezýär. Kitap okamagyň durmuşda iň zerur zatlaryň biridigi görkezýär.
Suratlar
Meňzeş täzelikler



«Bagym bar – barym bar»

Çaga kalbynyň owazy
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Çaga kalbynyň owazy» atly aýdym-sazly teleýazgy geçirildi. Teleýazgyda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň…
