“Watanymyz dostlugyň gülleýän bagtyýar mekanydyr” atly gezelenç
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly…

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünliklere beslendi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünliklere beslendi. Türkmenistan öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessuryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek ýaly binýatlyk ölçeglerine turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär. Elbetde, baky Bitaraplygymyzyň bu ýörelgeleri diňe bir içerki ösüşiň geljegini kesgitlemän, eýsem, olar ýurdumyzyň daşary syýasatyny we diplomatiýasyny hem öz içine alýar. Bu bolsa ýurdumyzyň gysga taryhy döwrüň içinde dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, uly özgertmeleri geçirmäge girişdi. Şeýle beýik işler ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary bilen talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Watanymyz dostlugyň gülleýän bagtyýar mekanydyr” atly gezelenç gurnaldy. Ýokary okuw jaýynyň mugallymlary bilen talyp ýaşlarynyň bu gezelençde muzeýiň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen içgin tanyşmaklary olarda has-da gyzyklanma döretdi.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
