«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşigiň çäklerinde türkmen milli tahýalar barada söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen tahýasy – medeni gymmatlyklarymyzyň biridir. Ol milli baş gaplaryň arasynda çeperçilik taýdan gaýtalanmajak kämil bezel işi bilen tapawutlanýar. Ynsan başynyň täjine deňelýän tahýanyň täsin nagyşlarynyň mazmunyna kalbyň iň päk arzuw-hyýallary, maksat-myrady, gadymyynançlar, paýhas-parasatly ruhy ýörelgeler siňdirilipdir. Türkmen tahýasynda enetopragyňýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir.
Söhbetdeşlikdetürkmen gözelleri keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalara siňdirilen. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň taryhy, aňladýan manylary barada gürrüň edildi. Şeýle hem nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygynyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatynyň jemi jemlendir.
Tahýalar biçilip tikilende niýetlenen adamyň kellesiniň ölçegine görä alynýar. Keşdelenende sapaklaryň reňkine görä, ilki garalanyp hem gyzyllanyp, soňra sary, ak ýaly açyk sapaklar bilen keşdelenýär. Tahýalar ýaş aýratynlygyna görä geýilýär.Häzirki wagtda hem türkmen tahýasy gündelik durmuşda, baýramçylyklarda we milli dabaralarda buýsanç bilen geýilýär, türkmen medeni mirasynyň müdimi nyşany hökmünde giňden saklanyp galandyr.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…

Arkadag şäher häkimliginde «Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy — berkarar döwle- timiziň bedew batly ösüşiniň berk binýady» atly hoşallyk maslahatlary geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar köpöwüşginli sergini synladylar. Sergide ýurdumyzyň sazlaşykly…
