"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we medeni mirasy gaýtadan dikeldilýär hem-de dünýä dabaralandyrylýar. Bu ugurda halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri we atşynaslyk sungaty aýratyn orna eýedir.
«Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti» atly sergi biziň gadymy medeniýetimiziň we ruhy baýlygymyzyň aýdyň şöhlesidir. Çünki çydamlylygyň, gözelligiň hem-de wepalylygyň nusgasy bolan ahalteke bedewleri diňe bir milli gymmatlyk däl, eýsem adamzat siwilizasiýasynyň altyn hazynasyna goşulan bahasyna ýetmejek goşantdyr.
Hormatly Prezidentimiziň goldawy we üns-aladasy netijesinde, türkmen atçylyk sungaty hem-de atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzatyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi. Bu bolsa pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň we zergärçilik däpleriniň halkara derejesinde ykrar edilmesidir.
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanýan kämil gymmatlyklar hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk we dizaýn bölümleriniň zehinli talyplarynyň döreden ajaýyp eserleri bu serginiň baý mazmunyny has-da gözelleşdirýär. Serginiň çäginde Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdym-sazly çykyşlary bolsa bu ýerde guralan dabaranyň ruhuny has-da belendegöterdi. Muzeýde gurnalan serge eziz Watanymyzyň parahatçylyk, ylham we ösüşler bilen öňe barýan ýolunda türkmen bedewiniň şan-şöhratyny has-da belende göterýär, ýaş nesillerimizde bolsa milli mirasymyza bolan çäksizs öýgini we buýsanjy terbiýeleýär.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…

Arkadag şäher häkimliginde «Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy — berkarar döwle- timiziň bedew batly ösüşiniň berk binýady» atly hoşallyk maslahatlary geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar köpöwüşginli sergini synladylar. Sergide ýurdumyzyň sazlaşykly…
