«Watan goragy – mukaddes borç» atly sergi
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Watan goragçylary güni mynasybetli «Watan goragy – mukaddes borç» atly sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli…

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Watan goragçylary güni mynasybetli «Watan goragy – mukaddes borç» atly sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni watansöýüjiligiň, mertligiň we gaýduwsyzlygyň mertebelenýän baýramy hökmünde giňden dabaralanýar. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerinde döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri, dabaraly maslahatlar, döredijilik duşuşyklardyr sergiler özboluşly mazmuna eýe bolýar.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Watan goragçylary güni mynasybetli «Watan goragy – mukaddes borç» atly sergi gurnaldy. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan, şaý-seplerimiz, surat şekilleriniň, nakgaş eserleriniň, heýkeller, küýzeler we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.
Sergä Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäher Döwlet Migrasiýa gullugynyň, Arkadag şäheriniň Gümrükhanasynyň we Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginde zähmet çekýän harby gullukçylary we Türkmenistanyň Döwlet Serhet institutynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
