“Taryhyň gatlaryna siňen türkmen sungaty” atly gezelenç we söhbetdeşlik
Arkadag şäheriniň geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Taryhyň gatlaryna siňen türkmen sungaty” atly gezelenç we söhbetdeşlik gurnaldy. Şu gün Aşgabat şäheriniň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň…

Arkadag şäheriniň geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Taryhyň gatlaryna siňen türkmen sungaty” atly gezelenç we söhbetdeşlik gurnaldy.
Şu gün Aşgabat şäheriniň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Taryhyň gatlaryna siňen türkmen sungaty” atly gezelenç we söhbetdeşlik gurnaldy.
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” durmuşa geçirmek hem-de ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelençde oňa gatnaşanlar muzeýde ýerleşdirilen dürli muzeý gymmatlyklary bilen aýratyn-da, muzeýiň arheologiýa bölümi bilen içgin tanyşdylar. Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaý galalary, Seýitjemalleddin metjidi, antik we orta asyra degişli muzeý gymmatlyklary, basma we syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary, altyn we kümüş teňňeler gazuw agtaryş işleri netijesinde tapylan tapyndylaryň we etnografiýa bölümindäki milliligimizi açyp görkezýän birnäçe medeni gymmatlyklary bilen içgin tanyş boldular we gezelenje gelenlere ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Gezelenjiň dowamynda milli mirasymyzy we taryhymyzy giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdyldy.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
