«Sarpaly sungatym» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen keşdeçilik sungatyna bagyşlanyp «Sarpaly sungatym» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň…

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen keşdeçilik sungatyna bagyşlanyp «Sarpaly sungatym» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar.Medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hem yzygiderli ösdürilýär.
Keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir.
Türkmen zenanlaryna mahsus bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly häsiýetleriň ählisi bu sungatda-da jemlenen. Ony zenan kürtelerinde, tahýalarda, milli lybaslarymyzda ýakyndan synlamak bolýar. El işleriniň zynaty mähirdir. Şonuň üçin olar ýyllar geçse-de, könelmän, gaýta, barha lowurdap şöhle saçýar. Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu babatda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem muzeý gaznasynda saklanýan gymmatlyklardan düzülen sergiler we wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen keşdeçilik sungatyna bagyşlanyp «Sarpaly sungatym» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar şeýle hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde älemgoşar öwüşginli güllere beslenen türkmen sährasyny ýadyňa salýan nepis keşdelerimiziň gadymy kökleri, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
