«Nowruz – parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy» atly maslahat
Her ýylyň 21-22-nji martynda türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz adamzat ösüşiniň belentliklerine…

Her ýylyň 21-22-nji martynda türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz adamzat ösüşiniň belentliklerine tarap uly ynam, buýsanç bilen barýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylan ýylda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gözel görki gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Bütin dünýäni parahatçylyga, adamzady ýagşylyga çagyrýan Nowruz baýramy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde-de il-ulsumyzyň agzybirliginde şatlyk-şagalaň bilen garşylanýar.
Her ýylyň 21-22-nji martynda türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Milli bilim institutynyň ylmy işgärleriniň hem-de – Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Nowruz – parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy» atly maslahat geçiril. Maslahatyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymlary çykyş etdiler.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
