Muzeýe gezelenç
Türkmen muzeýleri bu gün uly ynam bilen halkara derejesine çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüji syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar.…

Türkmen muzeýleri bu gün uly ynam bilen halkara derejesine çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüji syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, mukaddes ýoly öwrenmek, olary goramak bilen Watanymyzyň beýikligine, taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň.
«Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda birnäçe toýdur dabaralar dowam edýär. Bu günki gün biz Garaşsyz Watanymyzyň saýasynda ýene-de bir uly baýram bolan 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” garşylaýarys.
Türkmen muzeýleri bu gün uly ynam bilen halkara derejesine çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüji syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýän raýatlarymyzda hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyrýar. Şeýle muzeýleriň biri-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara Gatnaşyklar institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda şu gün muzeýe gezelenç gurnaldy. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny has çuňňur öwrenip geljekki nesillerimize ýetirmek milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Taryhy we medeni gymmatlyklarmyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
