«Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde « Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi gurnaldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň…

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi gurnaldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi gurnaldy.Ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny dünýä ýaýmakda köp işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimiziň ösmegi üçin giň şertler döredilen zamanada, dünýä derejesine laýyk gelýän muzeý binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, türkmen halkynyň taryhy tapyndylaryny ylmy taýdan öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, ýaş nesillerimizi ata-balarymyzyň gymmatly ruhy medeni-mirasyna hormat goýmak, ruhunda terbiýelemek muzeý işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar.Gözbaşyny gadymy müňýyllyklardan alyp gaýdýan Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý, Merw, Köneürgenç medeniýetleri boýnunda dür hazynany saklap oturan ruhy çeşmedir. Taryha çuňňur göz ýetirmek şu günüň ruhy dünýäsini açyp görmekdir.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Magtymguly Pyragy geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, türkmene mahsus beýik ynsan häsiýetlerini jemleýän şygyrlary halkyň kalbynda ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň şygyryýet ussatlygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän dabaralar ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandy.
Sergide milliligimiziň nusgasy bolan, haly önümleri, el işleri, şaý-sepler, zähmet gurallary, dokma gurallary, keramika önümleri, taryhy gymmatlyklardan tapyndylar, kitaplar, etnografiýa zalyndaky milli gymmatlyklar, türkmen durmuşyndan söz açýan nakgaş eserleri, Magtymguly Pyragynyň heýkeli, keramika önümler şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilýär.
Milli mirasymyza giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
