Daşky gurşawy goramagyň Bütin dünýä güni mynasybetli "Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat
Daşky gurşawy goramagyň Bütin dünýä güni mynasybetli "Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat /> Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda giň gerimli…

Daşky gurşawy goramagyň Bütin dünýä güni mynasybetli "Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat
/>
Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda giň gerimli ylmy-amaly maslahatlar we ekologik çäreler geçirilýär. Bu forumlaryň esasy maksady tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, topragy we suw serişdelerini goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly milli strategiýalaryň wagyz edilmegine gönükdirilendir. Tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünyäsi hakynda» we beýleki degişli kanunlar durmuşa geçirilýär. Milli Lideriň we Prezidentiň başlangyçlary bilen «Daşky gurşawy goramak» boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Şu gün Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli "Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň,Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar we olarýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hem halkara ekologik talaplaryna laýyk gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalary, döwrebap seýilgähleri görkezmek bolar. Bu asylly işler daşky gurşawy goramak, ekologiýany abadanlaşdyrmak işleriniň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ekologik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
