“Çitimlere siňen gözellik” atly sergi
“Çitimlere siňen gözellik” atly sergi Halkymyzda «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz…

“Çitimlere siňen gözellik” atly sergi
Halkymyzda «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň nyşanydyr. Biziň gadymdan gözbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä esaslanýar. Bu gün bolsa ol eksport ugurly bähbitli işewürlige öwrülýär. Türkmen halylaryna bolan isleg tutuş dünýäde ýokarydyr. Bu ähli döwürde-de şeýle bolupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak barada uly alada edilip, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Halyçy gelin-gyzlaryň netijeli işlemekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Özboluşly milli medeniýetimiz, amaly-haşam sungaty, haly dokamagyň gadymy ýörelgeleri, milli nagyşlar hem-de zergärlik sungaty, başga sözler bilen aýtsak, Watanymyzyň medeniýetiniň «altyn gaznasy» Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen gurşalandyr. Hormatly Prezidentimiziň bu täsin sungatyň belentliklerine tarap taryhyň bäş müň ýyldan gowrak döwründe yzygiderli ösýän türkmen halyçylygynyň şöhratyny ebedileşdirjek eserleri munuň ajaýyp mysallarydyr.
Suratlar
Meňzeş täzelikler

"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şanly taryhy we…

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar…

«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly…

Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç gurnaldy.
Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň…
